SOŇKY HABARLAR
NUR-SOLTANDA DOGLUŞYŇ BELLIGE ALYNMAGYNYŇ WE RAÝATSYZLYGYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA SEBITLEÝIN MASLAHATY
2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky mejlisiniň işine...
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşdy. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmeni...
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Mähriban çagalar! Eziz körpeler! Sizi jemgyýetimizi jebisleşdirýän hem-de beýik ösüşlere ruhlandyrýan Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň geljekde hem eziz Watanymyz bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çuň many-mazmunly a...
ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ÝHHG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada bellenilişi ýaly, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hazarýaka döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Özbegistan Respublikasynyň we Bolgariýa Res...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ÝOKARY BAHA BERÝÄRLER
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary - Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler....
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
4-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy awgustda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar, şonuň esasynda oňa...