SOŇKY HABARLAR
BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...
AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we ähli doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...
Suwaryşda innowasiýalar: Suw hojalygy döwlet komiteti BMG-nyň ÖM bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýär
Melioratiw ulgamlar üçin suw sorujy enjamlaryň energiýa tygşytlylygy – Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň bir ugrydyr, ol energiýa we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, suw hojalyk ulgamynyň innowasion ösüşine gönükdirilendir. Ählumumy ekologiýa gaznasynyň maliýeleşdirýän «Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly ösdürmekde energiýadan we dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň...
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hormatyna uly konsert
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köpöwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşan döwletleriň hökümet Baştutanlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp baýramçylygyň hormatly tomaşaçylary boldular. Forumyň üstünlikli geçirilmegi, o...