SOŇKY HABARLAR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň...
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hormatyna uly konsert
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köpöwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşan döwletleriň hökümet Baştutanlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp baýramçylygyň hormatly tomaşaçylary boldular. Forumyň üstünlikli geçirilmegi, o...
Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar innowasiýalar hem-de awtomobil sergisine baryp gördüler
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine we «Türkmen sährasy — 2019» atly awtosergä baryp gördüler. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň çägi giň gerimli sergi üçin meýdança boldy. Bu ýeri, öz nobatynda innowasiýalar sergileriniň iň iri «desgasy» hasaplanyp bilner. Deňiz kenarynda onuň abadanlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inžener çözgütler, gurnama we tehnologik işläp taýýarlamalar jemlenip...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Türkmenistanda mähirli mübärekleýärin. Birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmaga çakylygymyza seslenendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Şu zala Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça ýurdundan işiň dürli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlar — syýasatçylar, diplomatlar, işewürler, ekologlar, alymlar, žurnalistler ýygnandylar. Biziň ählim...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...
EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...
«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...