img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti «VINСI» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “VINСI” toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek forumyň ähmiýetini belledi. Iw Tibo de Silgi bu giň gerimli çäräniň Hazarda ykdysady, söwda, maýa goý...

DOWAMY
pic
10 Awg

TÜRKMENISTAN WE BOLGARIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGI MAKSAT EDINÝÄRLER

2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy. Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti G...

DOWAMY
pic
10 Awg

TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SUBÝEKTLERI BILEN ÖZARABÄHBITLI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR

2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Kalmykiýa Respublikasynyň baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.S.Hasikow bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Hususan-da Kalmykiýa Respublikasy bilen söwda-yk...

DOWAMY
pic
10 Awg

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR

2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...

DOWAMY
pic
9 Awg

Ekologiýa žurnalynyň täze sany Hazar tematikasyna ünsi çekýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň howandarlygynda çärýekde bir gezek çykýan «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sany halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Neşir oba hojalyk we ekologiýa dolandyryş edarasynyň hünärmenleri Jumamyrat Saparmyradowyň we Berdi Berdiýewiň makalasy bilen açylýar, olar okyjylar köpçüliginiň ünsüni ýurduň ekologiýa konwensiýalarynyň düzgünlerini berjaý edişine çekýärler. Awtorlaryň belleýşi...

DOWAMY
pic
9 Awg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunba...

DOWAMY
pic
9 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Rifat Hisarjyklyoglu halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, hususan-da, ykdysady...

DOWAMY