img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Awg

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR

2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...

DOWAMY
pic
9 Awg

Ekologiýa žurnalynyň täze sany Hazar tematikasyna ünsi çekýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň howandarlygynda çärýekde bir gezek çykýan «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sany halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr. Neşir oba hojalyk we ekologiýa dolandyryş edarasynyň hünärmenleri Jumamyrat Saparmyradowyň we Berdi Berdiýewiň makalasy bilen açylýar, olar okyjylar köpçüliginiň ünsüni ýurduň ekologiýa konwensiýalarynyň düzgünlerini berjaý edişine çekýärler. Awtorlaryň belleýşi...

DOWAMY
pic
9 Awg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunba...

DOWAMY
pic
9 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Rifat Hisarjyklyoglu halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, hususan-da, ykdysady...

DOWAMY
pic
9 Awg

TÜRKMENISTANDA HAZAR DEŇZI INSTITUTY DÖREDILDI

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Permana laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edildi we Hazar deňzi instituty onuň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi. Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we m...

DOWAMY
pic
9 Awg

ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENSTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.   Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfe...

DOWAMY
pic
8 Awg

«Bogema rapsodiýasy»: nusgawy rok sazlarynyň özboluşly beýany

Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri heniz ýaş topar bolsa-da, ol eýýäm saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanmagy başardy. Täzeçillige we özboluşly tejribelere höwes orkestriň aýdymçy – sazandalaryna «Bogema rapsodiýasy» konsertinde meşhur rok-kompozisiýýalaryny özüçe beýan etmäge mümkinçilik berdi.  - Döredijiligmizde biz saz žanrlary barada öňden gelýän ýörelgeleriň çäginden çykyp, orkestriň agzalarynyň dürli ugurlarda işläp bilýändiklerini we ussatlygyny görkezmekçi...

DOWAMY