SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-ESTON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-eston syýasy geňeşmeleri geçirildi. Eston Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Estoniýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň baş direktory Lembit Uibo ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler we türkmen-eston gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, taraplar iki döwletiň arasyndaky şe...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasy Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektorlygy bilen birlikde tanyşdyryş dabarasyny we baýramçylyk konsertini geçirdi, şeýle hem birinji Hazar Ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA-da, AHHG-da başlyklyk etmegi we Halkara Nowruz güni mynasybetli kabul edişlik hem-de hödür-kerem dabarasyny geçirdi. Tanyşdyryş dabarasynyň açylyşynda Türkmenistanyň HHR-ki Ilçisi çykyş etdi, ol öz çykyşynda halkara işlerine i...
Fransiýaly nakgaş zenan Iris Fossýe aşgabatlylary öz döredijiligi bilen tanyşdyrdy
Fransiýaly nakgaş Iris Fossýeniň Fransuz institutynda açylan işleriniň sergisi ussat nakgaşlaryň, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. Parižiň Bezeg sungaty ýokary mekdebiniň we Nepis sungatlar ýokary mekdebiniň uçurymy Iris Fossýe dünýä üýtgeşik – göwnaçyk we şadyýan garaýyşly awangard usula ýykgyn edýän nakgaş. Şonuň üçinem onuň eserleri aýratyn özüne çekiji çykýar. Iris ýelim we krahmaldyr kagyzlardan - papýe-maşeden bezegli zatlary ýasaýar. Olar, esasan, üý...
Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň kenarynda mekan tutýan dürli görnüşli guşlaryň sany artýar
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleriniň gözegçiligine görä, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň kenarynda balyk bilen iýmitlenýän guşlaryň sany artdy. Ozal Sarygamyş kölünde ýaşan gotanlar, jübtünler, çarlaklar, ördekler we beýleki guşlar bu ýerde mekan tutýarlar. Gyşlaga gelýän suwly-batgaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň-da sany artýar. Hünärmenleriň pikirine görä, bu, ozaly bilen, kölüň biologik gorlarynyň baýlaşmagy netijesinde indi balyklaryň onlarça görnüşiniň barlygy, şeýle hem e...
TÜRKMENISTANDA BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Benin Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) jenap Issiradju Gomina Ibrahimi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanyň we Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek boýunça ýadaws...