SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi
Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi. Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna
Hormatly türkmen telekeçileri! Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar...
BAHREÝNIŇ PATYŞASYNYŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 17-nji martynda Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Şol gün agşam belent mertebeli myhmanyň rezidensiýasynda onuň Bahreýniň işewürleri bilen duşuşugy geçirildi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Onuň Alyjenaby Bahreýniň Patyşasy Hamad ibn Isa Al Halifanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşa...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...
Türkmen türgenleriniň Dünýä çarwadarlarynyň festiwalyndaky medallary
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar. Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän ýaryşlara Bütindünýä etnooýunlar konfederasiýasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň 77 ýurdundan türgenleriň 725-den gowragy gatnaşýar. Etnofestiwala gatnaşyjylar...
Türkmenistan Ýakyn Gündogar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär
Iki günüň dowamynda — 16 — 17-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde guralan türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Ilkinji gezek geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berip, iki ýurduň gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Işewürleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin uly wekiliýet Türkmenistana geldi. Şolaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzüm...
TÜRKMENISTAN WE BAHREÝN ÄHLI UGURLAR BOÝUNÇA ÖZARA GATNAŞYKLARY MUNDAN BEÝLÄK HEM GIŇELTMÄGE YGRARLYDYKLARYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy martynda Aşgabatda türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana Bahreýn Patyşalygynyň işewürler toparynyň wekilleriniň ähmiýetli wekiliýeti geldi. Işewürler maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gutlag sözlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow we Bahreýn Patyşalygy...