SOŇKY HABARLAR
Poçta aragatnaşygy hyzmatlarynyň çägi giňelýär
“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy täze hyzmatlary ornaşdyrdy. Kompaniýanyň www.turkmenpost.gov.tm internet-sahypasynda onlaýn düzgünde poçtadan ugradylýan zatlary ibermek üçin çapar çagyrmak mümkinçiligi döredi. Netijede hatlary we posylkalary ýurduň islendik nokadyna, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň 190-syna ibermek üçin wagt azaldylýar. Mundan başga-da, internet arkaly zat satyn almak, nagt däl töleg geçirmek we harytlary öýüňe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik b...
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň oňyn netijeleri
“Ak durna” hususy kärhanasy her gün Daşoguzyň söwda nokatlaryna ýüzlerçe kilogram täze balyk ugradýar. Kepiriň, akmarkanyň, çapagyň we beýleki balyklaryň alyjysy ýetik. Şu ýyl “Ak durna” sebitde balyk ýetişdirmeklige we tutmaklyga ýörüteleşdirilen iň uly hususy kärhana boldy, bu bolsa bäsleşik esasynda ozalky “Daşoguzbalyk” döwlet kärhanasyny hususylaşdyrmagynyň oňyn netijesidir. Kärhananyň täze eýelerine edara jaýy, kakadyjy we sowadyjy sehli senagat zolagy, motorly gaýyklaryň onlarçasy ýet...
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärle...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresine gatnaşdy
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresine gatnaşdy. Geçenleri ýatlamak türkmen halkynyň köp müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen we nesilden-nesle geçip gelýän mukaddes dessurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, bu ýörelgeler mynasyp derejede dowam etdirilýär...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAMBIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gambiýa Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň sekretary, Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ebrima Sisaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerindäki syýasy gatnaşyklarynyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem duşuşyg...
Ýulduz Jumabaýewa — agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň baýragyna eýe boldy
Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy. 49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy. Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atle...
Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň iň gowy işleri sergi-bäsleşikde görkezildi
Çeperçilik akademiýasynda görkezilen ýaş žiwopisçileriň, heýkeltaraşlaryň we amaly-haşam sungaty ussatlarynyň eserleriniň sergisi bu ýere gelenleri talyplaryň fantaziýasynyň güýçliligi we çeper tilsimleriniň özboluşlylygy bilen begendirdi. Bu ýerde suratlaryň, kiçi görnüşli heýkelleriň, keramika işleriniň, şaý-sepleriň, haly önümleriniň, dizaýnerçilik işleriniň 235-si goýlupdyr. Şaý-sepleriň sergisindäki inçeden çeper monjuklara haýran galman syn etmek mümkin däl. Altynjy ýyl talyby Enebaý An...