SOŇKY HABARLAR
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk u...
Balkan welaýatynda şeker öndürýän kärhana gurulýar
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulýan zawodda ýylda 150 müň tonna şeker çykarylar, onuň gurluşygyny “Hyzmatdaşlar” AGPJ alyp barýar. Onuň potratçysy “Nusaý ýollary” hususy kärhanasydyr. Bahasy 200 million manatdan gowrak taslama “Senagat” PTB-nyň ýeňillikli karzynyň we kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna gurulýar. Paýdarlar indiki ýyl şüýji tagam öndürýän kuwwatlyklary özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. AGPJ-niň baş direktory Hudaýberdi Hangeldiewiň aýtmagyna görä, önümçiligiň göz öňü...
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet min...
Kompozitor Aşyr Kulyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna
Milli kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutanlaryň biri Aşyr Kulyýew aýatda diri gezip ýörenliginde 21-nji dekabrda 100 ýaşyny toýlardy. SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisri, sungatda at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, milli konserwatoriýanyň professory Aşyr Kulyýew 1918-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Köşi obasynda (indi ol Aşgabadyň ýaşaýyş jaý toplumyna öwrüldi) doguldy. Başlangyç bilimi Ilbaýew adyndaky internatda aldy. 1933-nji ýylda Aşyr çeperçilik te...
«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen ýygyndynyň nobatdaky jildi
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan çykdy. Kitaba hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi. Neşir “Täzeçillik ýoly bilen — döwrüň belent maksatlaryna tarap” diýen sözbaşy bilen açylýar. Onda ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarl...
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň owgan ugruny dikeltdi
Şu gün paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. Mälim bolşy ýaly, 13-nji dekabrda ýükli ulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden öz ýoluny başlady. 10-njy dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu ugur boýunça ilkinji ýü...
AŞGABATDA TÜRKIÝÄNIŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň pudaklaýyn hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu dabara Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, Türkiýe Respublikasy...