img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Dek

Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeler...

DOWAMY
pic
8 Dek

The Ozone Centre organizes the seminar for specialists on refrigeration technology and split systems

Seminar, which was organized by the Ozone Centre under the State Committee for Natural Protection and Land Resources, was dedicated to modern service methods of refrigeration equipment and introduction of alternative cooling agents. Refrigeration equipment and air conditioning system specialists – representatives of the government and private companies, as well as student were the participants of the training. Aspects of fulfilment of the obligations of the country followed from the Montreal...

DOWAMY
pic
7 Dek

«Türkmenstandartlary» Gullugy halkara akkreditasiýasyny tassyklady

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri bir ýyl mundan ozal berlen № -194 akkreditasyýanyň halkara attestatyny tassyklady. Türkmen laboratoriýasynyň ISO/IEC 17025 halkara ölçegine laýyklygy noýabryň ahyrynda Slowakiýanyň SNAS milli gullugynyň bilermenleriniň geçiren ilkinji inspeksiýasynyň barşynda barlandy. Temperatura parametrleriniň ölçegleriniň ählisiniň takyklygy degişli halkara derejesinde diýlip ykrar edildi. Gözegçiler platina garşylyk termome...

DOWAMY
pic
7 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça müdirliginiň başlygy j-p Takasi Ýosiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan has-da berkeýändigini belläp geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem ser...

DOWAMY
pic
7 Dek

MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT ÖZ IŞINI TAMAMLADY

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: hazirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesindäki halkara maslahatynyň işi dowam etdirildi. Bu mejlisiň dowamynda “Taryhy menzillerden häzirkizaman awtomobil ýollaryna: Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi”, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky umumy miras we özboluşlylyk” hem-de “Beýik Ýüpek ýolunda söwdanyň üsti bilen medeniýetiň ýaradylmagy” atly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy....

DOWAMY
pic
6 Dek

Aşgabatda binagärlik döredijilik sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi öz işine başlady.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň gurulmagy Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şunuň bile...

DOWAMY
pic
6 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINDE GEÇEN GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş sapary bilen boldy. Sankt-Peterburgyň halkara aeroportyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana bardy. Ol ýerde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň ýygnagy geçdi. Birek-birek bilen salamlaşanlarynd...

DOWAMY