SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATYNYŇ PLENAR MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň plenar mejlisi tamamlandy. Dünýäniň 40-а golaý ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän halkara maslahatynyň maksady Beýik Ýüpek ýolunyň durnukly ösüşi gazanmak üçin ähmiýetini hem-de wajyplygyny görkezmekden, häzirki wagtdaky jemgyýetlerde mede...
«TÜRKMENISTAN – BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI ÝYLYNDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAK ULGAMYNDA ÝETILEN SEPGITLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GITDI
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi. Bu iş saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmaklygy we onda çykyş etmekligi göz öňünde tutulýar.
«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETI: HÄZIRKI WE GELJEKKI ÖSÜŞI» ATLY HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNESKO tarapyndan bilelikde geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz giriş sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okamak üçin Mi...
Germaniýaly aýdymçylar Aşgabatda Roždestwo konsertini berdiler
Dekabryň başynda Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin täze ýylyň öň ýanyndaky saz agşamyny guraýarlar. Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen şu ýylky roždestwo konsertine germaniýaly opera aýdymçylary Janneta we Tomas Enderler hem-de konsertmeýster Ýohannes Aýhhorn gatnaşdylar. Germaniýanyň ilçisi Margret Ýubberiň gutlag sözünde atmagyna görä, bu baýramçylyk çäresi türkmenistanlylary...
Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany täzelemek babatda iş alnyp barylýar
BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň (BMG HÜBÇK), ählumumy Pariž ylalalşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň halkara borçlarynyň çäklerinde we Durnukly ösüş maksatlary jähtinden ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna gaýtadan garamk işi başlanýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM) we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgy...
Türkmeniň kaşaň öýleri – ösüşiň we ruhubelentligiň nyşany
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Türkmeniň ak öýi şekilindäki özboluşly kaşaň bina iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir. Säher bilen ýakyn wagtda Balkanabatda, Daşoguzda we Türkmenabatda emele geljek binalaryň guruljak çäginde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Baýdaklar, şygarlar we dürli howa şa...