img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Noý

ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...

DOWAMY
pic
30 Noý

PANAMA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Migel Lekaro Barsenas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Panama Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstün...

DOWAMY
pic
30 Noý

TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy. Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.

DOWAMY
pic
29 Noý

Köpetdagyň eteginde döwrebap bejeriş-sagaldyş toplumy bina edilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde “Nusaý ýollary” HK Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tabşyrygy boýunça şypahana gurýar.  2020-nji ýylyň aprelinde işe giriziljek sagaldyş toplumynyň meýdanynda üç gatly myhmanhana jaýlarynyň ikisi bolar, olarda 200 otag: bir we iki orunlyk, şeýle hem “lýuks” otaglar göz öňünde tutulan. Şeýle hem hersi dört maşgala niýetlenen iki gat kottejleriň ikisi, sagaldyş-kesel anyklaýyş bölümi, edara jaýy, kömekçi düzümler binalar...

DOWAMY
pic
29 Noý

Halkara ulag maslahaty - daşary ýurt metbugatynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 28-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanyp geçirilen halkara ministrler maslahaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Olar bu maslahatyň “Lapis Lazuli” (Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi babatda bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMEN WEKILIÝETI ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýanyň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň işine Energetika Hartiýasynyň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleri, halkara guramalaryň, şeýle hem iri energetika kompaniýalarynyň, jemgyýetçiligiň hem-de KHBS-ň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda global energetika ugrunda ösüşine, durnukly energetika geljeginiň goldawyna, energetika netijeliligine Energetika Hartiýasynyň ähmiýeti bellenildi,...

DOWAMY
pic
28 Noý

Oňaýly, uniwersasl we ekologiýa taýdan arassa kagyz paketler

“Ýedidogan” kompaniýasynyň zawodynda işe göýberilen awtomatlaşdyrlan liniýada sagatda on üç müň kagyz paket çykarylýar. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhana ýokary hilli kagyz gap önümleri öndürýär. Germaniýanyň Gartemann & Hollmann firmasynyň awtomatlaşdyrylan doly tapgyrdaky yzygiderli liniýasy aýda iki milliona golaý önüm çykarmaga mümkinçilik berýär. Olar bir, iki we üç gatly açyk haltalardyr. Ürgün azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk dökünleri üçin gapakly ý...

DOWAMY