SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň holdinginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bil...
Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi, häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumum...
LAPIS LAZULI HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINI DOWAM ETDI
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işini plenar mejlisleri görnüşinde dowam etdi. Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylar ulag-üstaşyr geçelegeleriniň ösüşi ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine, multimodal gatnawlaryň we Lapis Lazuli ulag geçelgesinde hem-de halkara üstaşyr geçelgelerinde olaryň mümkinçiliklerine,...
TOKIODA “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝOKARY WEZIPELI WEKILLERIŇ 13-NJI MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26–27-nji noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde ýokary wezipeli wekilleriň 13-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da çäräniň dowamynda syýahatçylyk, ulag-logistika, oba hojalygy we suw, söwda-ykdysady, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikirler alşyldy. Şeýl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUBAÝ ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK “EKSPO 2020” HALKARA SERGISINIŇ TAÝÝARLYK DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 26-27-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO-2020” atly halkara sergisine gatnaşyjylarynyň 3-nji taýýarlyk duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. BAE-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, “EKSPO-2020” sergisiniň Baş komissary Rim Al Haşimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “EKSPO-2020” halkara sergisiniň taýýarlyk iş...
AWAZADA ULAG MINISTRLERINIŇ HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Soňra Lapis Lazuli hakynda Yla...
Obasenagat toplumy: döwletimiz oba hojalykçylara yzygiderli goldaw berýär
Türkmenistanda okgunly ösdürilmegine döwlet tarapyndan ilkinji derejede ähmiýet berilýän oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm kararlaryň birnäçesine gol çekip, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini ykdysady taýdan höweslendirmek üçin döwlet goldawyny bermegiň toplumlaýyn çärelerini kesgitledi. Şeýlelikde, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bah...