SOŇKY HABARLAR
Resmi habarlar
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle...
Resmi habarlar
Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny nazara alyp we olar bilen uzakmöhletleýin esasda bilelikde geçirilýän çäreleri dowam etdirmek hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine we Daşary işler...
Resmi habarlar
“Hukuk namalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 30 — 31-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna goşmaça girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Permana gol çekdi, resminama laýyklykda “Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji...
Resmi habarlar
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek” hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýat...
Resmi habarlar
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana g...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksa...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyza atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyň dabaraly gowşurylyşy boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy B...