Resmi habarlar

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynda täze, döwrebap obalary gurmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti “Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda täze, döwrebap obalary gurmak hakynda” Karara gol çekdi.
Ahal welaýatynyň häkimligine şu Karar bilen tassyklanan desgalaryň we binalaryň welaýatyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň we Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäklerinde guruljak täze, döwrebap obalarda binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we bu işleri 2021-nji ýylyň sentýabrynda doly tamamlamak bellenildi.