SOŇKY HABARLAR
DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...
HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERI ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzm...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY
2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...
TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRDI
Yurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherindäki Diplomatik şäherçesiniň sport toplumynyň futbol meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, Er-Riýad şäherinde ýaşaýan türkmen k...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA GÜNÜŇ ENERGIÝASY BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARY GURNAMAKDA ÝAKYNDAN ÝARDAM ETDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurş...
DUŞENBEDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ (YHG) DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 23-NJI GEŇEŞI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaral...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTANYŇ SEBITLERINIŇ GÖNI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. 2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkim...