SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRDI
Yurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Er-Riýad şäherindäki Diplomatik şäherçesiniň sport toplumynyň futbol meýdançasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, Er-Riýad şäherinde ýaşaýan türkmen k...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA GÜNÜŇ ENERGIÝASY BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARY GURNAMAKDA ÝAKYNDAN ÝARDAM ETDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurş...
DUŞENBEDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ (YHG) DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 23-NJI GEŇEŞI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda YHG-na gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleri YHG-nyň taslamalarynyň we meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýyny, YHG-nyň Sekretariatynyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny, Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we şahamça edaral...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTANYŇ SEBITLERINIŇ GÖNI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleriniň we medeniýet işgärleriniň gatnaşmaklarynda işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. 2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkim...
YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...
GERMANIÝA YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ DOLANDYRYJY MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Germaniýa ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň meselelerini, şeýle hem türkmen-german söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ugurlaryny, kuwwatyny we mümkinçiliklerin...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...