img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...

DOWAMY
pic
10 Ýan

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar

?PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd» kompaniýasy Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiki uniwersitetinde 2018-2019-njy okuw ýylynda okamak üçin dalaşgärleri kabul edip başlaýar.  *Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy  *Himiki maşyngurluşyk  *Nebitgaz çykarmagyň tehnologiýasy  *Elektrika we elektronika  *Geologiýa we geofizika  *Maglumat kompýuter tehnologiýalary/Işewür maglumat bermegiň ulgamy  Resminamalar kabul edilende şu aşakdaky görkezijiler göz öňünde tutular:  1.Ýaşy: 17-23 ýaş ...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Watanymyzyň ähli künjegini, has çetdäki obalary gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň barşynda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuş...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Türkmen ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim tehnologiýalaryny işjeň ulanýarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan hem-de paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 6-syny birleşdiren wideomaslahat sanly okuwyň mümkinçiliklerini görkezdi.  Magtymguly adyndaky, lukmançylyk, ynsanperwer ylymlary we ösüş, nebit we gaz uniwersitetlerinde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynda internet-tehnologiýalaryň we ýörite maksatnama üpjünçiliginiň goldaw bermeginde onlaýn-leksikalary geçirildi. Olary şu ýokary okuw mekdepleriniň esasy...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmen alabaýy-milli baýlyk, wepadar dost we tapylgysyz kömekçidir

Gündogar senenamasyna görä, 2018-nji ýylyň nyşany bolan it, biziň ýurdumyz üçin tanymal ýerli tohum iti –alabaýdyr, olar asyrlarboýy türkmenleriň ygtybarly, wepadar dosty, tapylgysyz kömekçisi we hemrasy bolup galypdyr. Bu çydamly we gujurly itiň häsiýetinde agraslyk, ýagşy gylyk we gaýduwsyzlyk jemlenendir.  Adamlar gadymy döwürlerde mallaryny öýleriniň golaýynda bakan döwründe itler esasan obalaryň goragçysy hökmünde ulanylypdyr. Miladydan öňki I asyryň başynda göçegçi dowardarlar eýýamy ba...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär

Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi.  Türkmenistanyň üstaşyr geçelgelerini hasaba almak bilen, ägirt uly Aziýa sebitiniň ýurtlaryny birleşdirýän has amatly ýollary gözläp tapmak ýurdumyzyň geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, onuň logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen ir...

DOWAMY
pic
7 Ýan

Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar

Orta bilim berýän hem-de ýöriteleşdirilen mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşýan ders bäsleşigi dowam edýär. Aň-bilim bäsleşigi, däp bolşy ýaly, birnäçe tapgyrlarda geçirilýär. Bu bäsleşige 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda badalga berildi.  10-11-nji ýanwarda mekdebiň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri etrap derejesindäki tapgyra gatnaşarlar. Ol tamamlanansoň, fewralda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde guraljak indiki tapgyra taýýarlyk görmäge başlanylar. Mart aýy...

DOWAMY