img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Ýan

Türkmen ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim tehnologiýalaryny işjeň ulanýarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan hem-de paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 6-syny birleşdiren wideomaslahat sanly okuwyň mümkinçiliklerini görkezdi.  Magtymguly adyndaky, lukmançylyk, ynsanperwer ylymlary we ösüş, nebit we gaz uniwersitetlerinde, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynda internet-tehnologiýalaryň we ýörite maksatnama üpjünçiliginiň goldaw bermeginde onlaýn-leksikalary geçirildi. Olary şu ýokary okuw mekdepleriniň esasy...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmen alabaýy-milli baýlyk, wepadar dost we tapylgysyz kömekçidir

Gündogar senenamasyna görä, 2018-nji ýylyň nyşany bolan it, biziň ýurdumyz üçin tanymal ýerli tohum iti –alabaýdyr, olar asyrlarboýy türkmenleriň ygtybarly, wepadar dosty, tapylgysyz kömekçisi we hemrasy bolup galypdyr. Bu çydamly we gujurly itiň häsiýetinde agraslyk, ýagşy gylyk we gaýduwsyzlyk jemlenendir.  Adamlar gadymy döwürlerde mallaryny öýleriniň golaýynda bakan döwründe itler esasan obalaryň goragçysy hökmünde ulanylypdyr. Miladydan öňki I asyryň başynda göçegçi dowardarlar eýýamy ba...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär

Türkmenistandan Eýrana Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça nobatdaky synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi.  Türkmenistanyň üstaşyr geçelgelerini hasaba almak bilen, ägirt uly Aziýa sebitiniň ýurtlaryny birleşdirýän has amatly ýollary gözläp tapmak ýurdumyzyň geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklaryny nazara almak bilen, onuň logistika ulgamyny ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýär. Multimodal düzümi döretmäge gönükdirilen ir...

DOWAMY
pic
7 Ýan

Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar

Orta bilim berýän hem-de ýöriteleşdirilen mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşýan ders bäsleşigi dowam edýär. Aň-bilim bäsleşigi, däp bolşy ýaly, birnäçe tapgyrlarda geçirilýär. Bu bäsleşige 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda badalga berildi.  10-11-nji ýanwarda mekdebiň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri etrap derejesindäki tapgyra gatnaşarlar. Ol tamamlanansoň, fewralda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde guraljak indiki tapgyra taýýarlyk görmäge başlanylar. Mart aýy...

DOWAMY
pic
5 Ýan

Milli parlament täze kanunlary kabul etdi hem-de käbir ilatly ýerlere taryhy atlaryny gaýdyp berdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.  Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyn...

DOWAMY
pic
4 Ýan

«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI

Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen  syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....

DOWAMY
pic
4 Ýan

Mary welaýatynyň «Minara-3» meýdançasynda bir gije-gündizki çykymy 1 million kubmetrden gowrak bolan gazyň senagat akymy alyndy

“Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri Garagum çölünde geljegi uly meýdançada gözleg guýusynyň üstünlikli işlemegini alyp bardylar. Netijeli gatlak 4575 metr çyňlukda ýerleşýär. Emma, burawlaýjylar guýunyň burawlanmagyny seýsmiki barlagyň maglumatlaryna daýanyp, dowam edýärler. Çaklamalara görä, aşaky gatlaklarda hem tebigy gazyň ýerleşen bolmagy ahmal.  “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri tutuş Türkmenistan boýunça uglewodorod ç...

DOWAMY