SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ WEKILIÝETI BERLINDE SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDI
2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Berlinde GFR-niň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda german tarapyna Andreas Peşke, GFR-niň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasat, ykdysadyýet, ulag we daşky gur...
AŞGABATDA TÜRKMEN-RUSSIÝA YKDYSADY IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda altynjy türkmen-rus ykdysady işewürler maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar. Türkmen tarapyndan bu duşuşyga pudaklaýyn ministrlikleriň we puda...
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETINIŇ WE TOKIO DAŞARY ÝURT DILLERI UNUWERSITETINIŇ ARASYNDA TALYP ALYŞ ÇALYŞY HAKYNDAKY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI
2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň prezidenti Hirotaka Tateişi we wise-prezidenti Sukero Ito bilen duşuşyk geçirildi. Ýapon kärdeşleriň ýurdumyza bu sapary ýokary bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge gönükdirilendir. Bu duşuşygyň dowamynda türkmen okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin Tokio daşary ýurt dilleri unuwersitetiniň wise-prezidenti Sukero Itonyň okuw sapagy...
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Watandaşlarymyza gutlag hatyny iberdi
Sizi halkara ähmiýetli uly taryhy waka - Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de şanly sene mynasybetli bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mälim bolşy...
ER-RIÝADDA“TÜRKMENISTAN - BEÝIK YÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad ş.) Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabara Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Faýsal adyndaky Ylmy barlag we Yslamy öwreniş merkeziniň (KFÇRIS), Ylmy barlarlar we özara aragatnaşyk bilimleri Merkeziniň (ÇRIK) ylmy işgärleri, iri maýa goýum şereketleriniň wekilleri, ýerli “Er-Riý...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...