RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Noý

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça Ýörite wekili Roland Kobia bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda howpsuzlyk çygryndaky häzirki ýagdaýy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystanyň sebitleýin hyzmatdaşlygynyň gurallary meselelerini öz i...

DOWAMY
pic
17 Noý

AŞGABATDA “2017-NJI ÝYLDA DÜNÝÄNIŇ ILATY”ATLY ÄHLUMUMY ÇYKYŞYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda UNFPA-nyň “2017-nji ýylda dünýäniň ilaty” Ählumumy çykyşynyň tanyşdyrylyşy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ilat gaznasy tarapyndan guralan bu çärä ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Milli bilim institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pu...

DOWAMY
pic
17 Noý

TRASEKA HÖKÜMETARA KOMISSIÝASYNYŇ HEMIŞELIK SEKRETARIATYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň16-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, TRASEKA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Mirça Çiopraga bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýada ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Owganystanyň durmuş-yk...

DOWAMY
pic
16 Noý

GFR-IŇ FEDERAL HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PÄKISTAN BOÝUNÇA ÝORITE WEKILI, GÜNORTAI AZIÝA BOÝUNÇA KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen, GFR-iň Federal hökümetiniň Owganystan we Päkistan boýunça ýorite wekili, Günorta Aziýa boýunça komissary Markus Potsel bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde geçirilýän işleriň netijeliligini bellediler we sebitleýin ykdysady gatnaşyklarda Owganystanyň integrasiýasyna gönükdirilen Türkme...

DOWAMY
pic
16 Noý

KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hamadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly dialogy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi...

DOWAMY
pic
16 Noý

BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA DÖWLET MINISTRI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Anwar Muhammet Gargaş bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşini seljerdiler. Şunuň bilen baglylykda taraplar syýasy we söwda-ykdysady ga...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTAN WE GÜNORTA AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN HYZMATDAŞLYK ASSOSIÝASIÝASY GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Günorta Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlyk assosiýasiýasynyň (SAARÇ) Baş sekretary Amjad Hussein Sial bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda, Türkmenistan bilen SAARÇ-yň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, taraplar energetika, u...

DOWAMY