RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Noý

BMG-NIŇ ŽENEWADAKY BÖLÜMINDE OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA VII MASLAHATYNA (RECCA VII) BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
2 Noý

ВСТРЕЧА МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА И ТАДЖИКИСТАНА

1 ноября 2017 года в Министерстве иностранных дел Республики Таджикистан состоялась встреча министра иностранных дел Туркменистана Р.Мередова с министром иностранных дел Таджикистана С.Асловым. В ходе переговоров главы внешнеполитических ведомств обменялись мнениями о нынешнем состоянии и перспективах развития двустороннего сотрудничества. Также они обсудили региональные и международные темы, представляющие взаимный интерес. В первую очередь стороны подробно рассмотрели организационно-прот...

DOWAMY
pic
2 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar.  Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident...

DOWAMY
pic
2 Noý

AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2017” ATLY ХХII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...

DOWAMY
pic
1 Noý

AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...

DOWAMY
pic
1 Noý

DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhim...

DOWAMY
pic
31 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY ULGAMYNDA BMG BILEN HYZMATDAŞLYGY

2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly bilermenler, hususan-da, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG ÖM-niň sebitleýin wekilleri maslahata gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň bu ulgam boýunça degişli komitetleriniň jemleý...

DOWAMY