img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

photo

2017-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýa bilen duşuşdy.

         Ähmiýetli gatnaşyklaryň ugurlarynyň hatarynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde özarabähbitli esasda gepleşikleri kämilleşdirmek we giňeltmek üçin iki döwletiň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň wajypdygy bellenilip geçildi. Şeýle-hem nebitgaz, gurluşyk we senagat ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada maslahatlaşyldy.

Gepleşigiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap berýän netijeli hyzmatdaşlygy geljekde diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny belläp geçdiler.