SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyndaky çykyşy (Ahal welaýaty, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry)
Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar! Hormatly aksakgallar! Hanymlar we jenaplar! Ilkinji nobatda, men sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu maslahata gatnaşýan hormatly ýaşulular, gadyrly myhmanlar we mähriban adamlar, siziň ähliňize minnetdarlyk bildirmek we iň gowy arzuwlary...
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, ýigrimi üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine, ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul...
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ählihalk ýowaryna badalga berdi
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi. Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýy...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy
6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen a...
Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryna bagyşlanan sergi
Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sergi açyldy. 69 ýyl mundan ozal şäher ilatynyň başyna inen bela 160 müň adamyň- aşgabatlylaryň 2/3 böleginiň ömür tanapyny kesipdi. Ýer titremesiniň pidasy bolanlar ýylsaýyn azalyp barýar, ýöne bu pajygaly wakanyň pidalary hakyndaky hatyra türkmenistanlylaryň ählisiniň ýüreginde ýaşaýar. Hatyra gününe bagyşlanan serginiň eksponatlarynyň arasynda ýer titrände işlemesini bes eden sagadyň suraty hem bar. Indi...
„Galkynyş“ gaz ýatagynda bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz çykarýan skwažina işe girizildi
„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri „Galkynyş“ gaz ýatagynda gije-gnüdiziň dowamynda 2 million tebigy gaz çykarýan 280-nji skwažinany ulanmaga berdiler. Gaz çykarylyşda ilkinji gezek tehnologik enjamlary „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünäermenleri daşry ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýçleri blen ýerine ýetirdiler. „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmenleri „Petrofak“ (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik k...
Türkmen wekiliýeti BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşdy
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda,dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň ç...