SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň işini üýtgedip guramagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete Aşgabadyň Olimpiýa şäherjininiň işini üýtgedip guramagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz hökümet mejlisinde çykyş etmek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak...
Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Aşgabat 2017” – Aziýa oýunlarynyň iň gowusy!
“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bu yklym derejesindäki ýaryşlaryň taryhynda iň gowy ýaryşlar boldy!” diýip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Aşgabat 2017” oýunlaryny häsiýetlendirip, dünýäniň millionlarça adamlarynda şatlykly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu ajaýyp sport baýramçylygynyň netijelerini jemlediler. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda geçirilen sport ýaryşlaryny dünýäniň 82 döwletinden žurnalistleriň 500-den gowragy beýa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredow V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa German bilen duşuşdy. Türkmen tarapy h-m Germany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Merkezi Aziýada parahatçyly...
V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri we olaryň tälimçileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen türgenleri – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri hem-de olaryň tälimçileri awtoulag serişdeleri we uly möçberli pul sylaglary bilen sylaglandylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy
Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, ýeňiji bolandyklaryny, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlary eýeländikleri, gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, Türkmenistany...
Mejlisde "Aşgabat 2017" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen şeýle ýokary derejeli sport çäresini geçirmek ýaly ýokary jogapkärçiligiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy. Ýaryşlar Aziýa, Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň we...
Döwlet Baştutanymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döw...