SOŇKY HABARLAR
OLIMPIÝA STADIONYNDA ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...
Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medal...
OÝMOK-niň ýolbaşçysy Robin Mitçell Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek barada gyzyklanma bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň gerimine haýran galýandygyny nygtady. Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ş...
Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bolýan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. AOG-nyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryndaky üstünlikler bilen gutlady. Bu bäsleşikleri ýurdumyzyň halkara sport we Olimpiýa hereketine, sebit hem-de dünýä derejesinde sporty wa...
Tegla Lorupe: Aziýa oýunlarynyň türkmen ýörelgesiniň möhüm aýratynlygy – parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilikdir
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi. Ykbalyň emri bilen biz öz Watanymyzdan uzaklara düşdük we bosgunlara öwrüldik. Dürli syýasy we ykdysady çökgünligiň netijesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda bosgunlaryň hatary barha...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY
2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...
Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki w...