SOŇKY HABARLAR
Marguş ýurdy: medeniýetleriň çatrygynda
V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty, Balkan welaýatyndaky Dehistanyň taryhy künjegi, Daşoguz welaýatyndaky Hywa hanlygynyň paýtagty bolan Köneürgenç we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Lebap welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Amul bar. Özüniň ba...
Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy – Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...
Wasiliý Şestakow: sambonuň taryhynda täze sahypa açyldy
Mediamerkeziniň uly zalynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow (Russiýa) çykyş etdi. Ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 20-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen mejlisinde sambony Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karara gelnendigini habar berdi. 2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlarynda alty agram...
DÜNÝÄNIŇ 82 ÝURDUNDAN 500-DEN GOWRAK HABARÇYLARY “AŞGABAT 2017” OÝUNLARYNYŇ BARŞYNY BEÝAN EDÝÄRLER
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi. Häzir bu ý...
Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler. Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we...
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy
Daşary ýurt walýutasyna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, jinsi matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 mi...
Eýranly türgen Moradi Aşgabat 2017-de dünýä rekordyny goýdy
Eýranly türgen Sohrab Moradi Aşgabat 2017-de agyr atletika sporty boýunça 18 ýyl mundan ozal goýlan rekordy täzelemegi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Rio 2016 olimpiýa çempiony erkekleriň arasynda 94 kg agramlykda geçirilýän agyr atletika ýaryşynda jemi 413 kg göterip, täze jemlenen utugy görkezdi. Ol 23-nji sentýabrda geçirilen ýaryşda örän täsirli çykyş etdi. Ýaryşdan bir gün öň 29 ýaşyny baýram eden M...