RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Sen

Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri

Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.  Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär.  HHR-iň ýygyndy t...

DOWAMY
pic
25 Sen

Marguş ýurdy: medeniýetleriň çatrygynda

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy.  Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty, Balkan welaýatyndaky Dehistanyň taryhy künjegi, Daşoguz welaýatyndaky Hywa hanlygynyň paýtagty bolan Köneürgenç we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Lebap welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Amul bar.  Özüniň ba...

DOWAMY
pic
25 Sen

Britaniýanyň “Triwandi Çanzo” kompaniýasy – Oýunlarda doping-barlag üpjünçilik düzüminiň biridir

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...

DOWAMY
pic
25 Sen

Wasiliý Şestakow: sambonuň taryhynda täze sahypa açyldy

Mediamerkeziniň uly zalynda ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow (Russiýa) çykyş etdi. Ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 20-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen mejlisinde sambony Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karara gelnendigini habar berdi.  2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlarynda alty agram...

DOWAMY
pic
25 Sen

DÜNÝÄNIŇ 82 ÝURDUNDAN 500-DEN GOWRAK HABARÇYLARY “AŞGABAT 2017” OÝUNLARYNYŇ BARŞYNY BEÝAN EDÝÄRLER

Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi.  Häzir bu ý...

DOWAMY
pic
24 Sen

Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy

24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler.  Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we...

DOWAMY
pic
24 Sen

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, jinsi matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 mi...

DOWAMY