RSS

SOŇKY HABARLAR

19 Sen

AŞGABAT ŞÄHERINDE AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETIŇ 70-NJI MEJLISI WE BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 36-NJY MEJLISI GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...

DOWAMY
19 Sen

Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...

DOWAMY
19 Sen

Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18-nji sentýabrda milli göreş boýunça bäsleşikler tamamlandy. Ol Türkmenistan üçin şowly boldy – biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde 23 altyn, 14 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar. Bu üstünlik ýadawsyz türgenleşikler hem-de uly tejribe netijesinde gazanyldy. Milli türkmen göreşi boýunça ähli päsgelçilikleri ýeňip geçir ýeňşe çenli baryp ýetdiler. 100 kilogramdan ýokary agram derejede göreş boýunça iki altyn medalyň eýesi R...

DOWAMY
19 Sen

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň final gününde zenanlar ýygyndy topary ähli derejeli medallara mynasyp boldular

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde biziň zenan türgenlerimiz V Aziadanyň ähli derejeli medallaryna mynasyp boldular. Şu gün “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar dowam etdi.  70 kilogramdan ýokary bolan agram derejede zenanlaryň arasynda geçirilen final bäsleşigi tutuşlygyna türkmen türgenlerine degişli boldy. Onuň dowamynda Aýsoltan Garçowowa Sabina Agajanowadan üstün çykyp, altyn medal eýeledi. S.Agajanowa bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Jiu-jitsun...

DOWAMY
19 Sen

Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.  Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr. Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler. W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa gör...

DOWAMY
19 Sen

TÜRKMENISTAN WE DOMINIKAN RESPUBLIKASY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen Dominikan Respublikasynyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Frans Hans Dannenberg Kastellanos bilen duşuşyk geçirildi. Myhman mähirli garşylanandygy üçin tüýs çürekden hoşallyk bildirdirip, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli g...

DOWAMY
19 Sen

SPORT ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio -  2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşy...

DOWAMY