Türkmen konkurçysy Nikolaý Beglarýan Aziadanyň altyn medalyna mynasyp boldy

19-njy sentýabrda badalga alan konkur ýaryşlarynda şu gün Ahalteke kubogy ugrunda bäsleşikler geçirildi. Biziň ildeşlerimiz Nikolaý Beglarýan Toýçy atly bedewde çykyş edip, päsgelçiliklerden ýalňyşsyz geçdi we altyn medala eýe boldy. 

Saud Arabystanyndan Abdullah Walid Şarbatly Tagsyr atly bedewde kümüş, Gyrgyzystandan Kamir Sabitow Tanymal atly bedewde bürünç medallara mynasyp boldular. 

Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Konkury yklym oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürdi.