SOŇKY HABARLAR
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE AZIÝADA-2017-NIŇ MEDIA MERKEZI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa Oýunlarynyň Olimpiýa şäherçesinde Media merkezi öz işine başlady. Oýunlaryň dowamynda bu merkez KHBS-niň işiniň esasy ýeri bolup, bu ýerden Oýunlaryň gidişi baradaky jikme-jik we dessin maglumatlar dünýä ýurtlaryna ýaýradylar. Media merkeziň maslahatlar zalynda resmi press-maslahatlar geçiriler. Media merkeziň işine başlamagyna bagyşlanan açylyş dabarasyna Oýunlary gurnaýjylaryň wekilleri we daşary ýurtlardan bu...
Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar. Ilkinji iki altyn medal jiu-jitsuwyň “duo classik” gör...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy şanly waka – Aziada-2017-niň başlanmagy bilen gutlap, AOG-niň halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýan Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasyn...
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň ilkinji hormatly raýaty
Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşuryş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly ada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, syýasy, ykdysady we medeni-ynasanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, iki ýurduň halklar...
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gutlaglaryny hem-de bu iri möçberl...
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Respublika Ordeni” bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu sylagy moldowan halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Prezidenti Igor Dodon gowşurdy. Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Moldowa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada merteb...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy. Prezidentler döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini nygtadylar. Söhbetdeşler özara ynyşmagyň ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigi barada aýdyp, häzirki duşuşygyň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýun...