SOŇKY HABARLAR
Pakistanyň Prezidenti Mamnun Huseýn V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy. Türkmen Lideri belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman mähirl...
Bahraini girls aim at glory of Games “Ashgabat 2017”
Bahrain taekwondo group are ready to perform in the arena of the 5th Asian Games in enclosed spaces and in martial arts, to officially start in less than ten days. In this version of the Korean martial art on behalf of the smallest Arab nation, female trio – Wala’a Al-Dossari, sisters Juana and Jomana Mohammed – will compete in weight categories under 57 kg, 62 kg and 73 kg respectively. They have been trained by coach Tawfeeq Nuwaiser. In Ashgabat 2017 Taekwondo competitions will be fea...
Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler alnyp barylýar. Bu ugurda “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasy tarapyndan tehniki maslahatçy—Germaniýanyň “ ILF Beratende Ingeniure GmbH” hem-de hukuk maslahatçy—Beýik Britaniýanyň “Allen and Overy LLP” kompaniýalary bilen bilelikde ga...
Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä dereje...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy. Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa...
PRESS-RELIZ
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Geňeşi Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklary pugtalandyrmak babatdaky Olimpiýa bosgunlar toparlarynyň gymmat goşantlaryny sylaglamak barada” atly Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etdi. Bu resminama laýyklykda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň agza ýurtlary iri halkara sport çärelerde, şol sanda ilkin...
“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün eder
Ýakyn günlerde Aşgabatda badalga aljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň möhüm düzüm bölegi aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr. “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy bolmak bilen, ähli tapgyrlarda olary guramaga gönüden-göni we işjeň gatnaşýar. Kompaniýa birnäçe maglumat we kommunikasiýa hyzmatlaryny, şol sanda fiksir...