SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISI: TÜRKMENISTANYŇ DÖREDIJILIKLI GÜN TERTIBI
Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tar...
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HABARY
2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Global kontrterroristik strategiýasynyň Merkezi Aziýada amala aşyrylyşy boýunça «Merkezi Aziýa – BMG» ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasynyň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HALKARA EKOLOGIK FORUMYNY KABUL EDÝÄR
2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç» şygary astyndaky üç günlük Merkezi Aziýa halkara ekologik forumy öz işine başlady. Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän halkara we sebitleýin guramalarynyň, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy bilermenler, ekologiýa ulgamynyň we k...
AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM ÖZ IŞINE BAŞLADY
2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan media-forum geçirildi. Forumyň işine daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilermenler, halkara guramalaryň wekilleri we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada 30-a golaý halkara habar agentlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldi. Olar “AzerTaj”, “Ros...
AŞGABATDA HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ “ENERGIÝA SERIŞDELERINI ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA KÖPTARAPLAÝYN ÇARÇUWALY YLALAŞYGA TARAP ÝOL” ATLY FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2017-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginde Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy öz işine başlady. Bu Forum “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” ady bilen geçirilýär we onuň maksady bütindünýä energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr geçirmegiň orny baradaky netijeli ara alyp maslahatlaşmalary höweslendirmek bolup durýar. For...