img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HABARY

2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Global kontrterroristik strategiýasynyň Merkezi Aziýada amala aşyrylyşy boýunça «Merkezi Aziýa – BMG» ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji Sessiýasynyň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

DOWAMY
pic
5 Iýun

TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HALKARA EKOLOGIK FORUMYNY KABUL EDÝÄR

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç» şygary astyndaky üç günlük Merkezi Aziýa halkara ekologik forumy öz işine başlady. Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän halkara we sebitleýin guramalarynyň, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy bilermenler, ekologiýa ulgamynyň we k...

DOWAMY
pic
31 Maý

AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan media-forum geçirildi. Forumyň işine daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilermenler, halkara guramalaryň wekilleri we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada 30-a golaý halkara habar agentlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldi. Olar “AzerTaj”, “Ros...

DOWAMY
pic
30 Maý

AŞGABATDA HALKARA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ “ENERGIÝA SERIŞDELERINI ÜSTAŞYR GEÇIRMEK BOÝUNÇA KÖPTARAPLAÝYN ÇARÇUWALY YLALAŞYGA TARAP ÝOL” ATLY FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginde Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy öz işine başlady. Bu Forum “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” ady bilen geçirilýär we onuň maksady bütindünýä energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr geçirmegiň orny baradaky netijeli ara alyp maslahatlaşmalary höweslendirmek bolup durýar. For...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTANDA VIII HALKARA GAZ KONGRESI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 23-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň 36 ýurdundan wekilleriň 300-den gowragy geldi. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş we maslahat beriş kompaniýalarynyň hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramala...

DOWAMY
pic
4 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Mişaal ben Abdelaziz Al-Saudyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.  “Goý, Gudraty güýçli Allatagala maşgalaňyzyň ähli agzalaryna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin” diýip, gynanç hatynda aýdylýar.  Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Saud Arabystanynyň Patyşasynyň ma...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTAN WE PALESTINA DÖWLETI DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNY BELLEDILER

2017-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýylynyň dolmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk çärelere gatnaşmak üçin Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şamiýanyň baştutanlygyndaky wekilçilikli topary Türkmenistana geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary brifinge gatnaşyjylara ýüzlenmesinde bu çärele...

DOWAMY