SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy hem-de Medine şäherine baryp gördi. Saud Arabystany Patyşalygynda hormatly Prezidentimiziň saparyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýurtda bolmagynyň ilkinji pursatlaryndan başlap, uly hormat-sarpa bilen gurşalyp alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Saud Arabystany Patyşasynyň “Al Ýamama” Köşgünde geçirilen ýokary derejedäk...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary: işewür we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy, Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigine hem-de “Ad-Diriýa” taryhy şäherçesine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda saparynyň maksatnamasynyň baý mazmunly bolmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategiki häsiýetli bolup durýandygyny tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem, soňky ýyllarda emele gelen gatna...
Türkmenistan-Saud Arabystany Patyşalygy: Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
Şu günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan soň, Er-Riýad şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Patyşa Halid” adyndaky Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Uçar...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparyna
1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary başlanýar. Geçiriljek ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Liderleri özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň ençemesini hem-de syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar. Milli Liderimiz hökümetiň düýn g...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...