ILAT ÝAGDAÝY WE ÖSÜŞI BOÝUNÇA HALKARA KONFERENSIÝASYNYŇ HEREKETLER MAKSATNAMASYNY AMALA AŞYRMAKDA ÖŇE GIDIŞLIGI BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenabat şäherinde 1994-nji ýylyň Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň (IÝÖHK) Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahat geçirildi.

Hereketler meýilnamasynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Lebat welaýatynyň häkimliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň IÝÖHK Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişligi bilen bagly möhüm meseleler, şol sanda, Türkmenistanda ilat durnuklylygyny üpjün etmek nukdaý nazaryndan Maksatnamanyň gazanan üstünlikleri, reproduktiw saglyk babatyndaky hyzmatlara elýeterliligi ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň bu ugurda gazanan üstünlikleri we ileri tutýan wezipeleri bellendi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki forum IÝÖHK Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini ara alyp maslahatlaşmakda oňat meýdança bolmak bilen, şu ýylyň oktýabrynda IÝÖHK Hereketler maksatnamasy boýunça sebit maslahatyna taýýarlyk işleriniň wajyp meselelerini galdyrmaga hem ýardam edýär.   

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda adam we onuň ösüşi barada alada, onuň durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak döwlet syýasatyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň edaralary we institutlary, ilkinji nobatda, BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde Milli strategiýalary we maksatnamalary amala aşyrmakdaky netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” Milli maksatnama örän uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginde şeýle gerimli resminamalaryň kabul edilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň we durmuş pudagynyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berýär.   

Maslahatda bellenilmegine görä, Türkmenistan zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli pudaklaryna deňhukukly gatnaşmak ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen işjeň gender syýasatyny amala aşyrýar. Gender deňligi bilen bagly meseleler, aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly wajyp wezipeler Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň hem-de ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň esasyna hem girizilen. Şu nukdaýnazardan, “Türkmenistanda maşgalada aýalyň saglygy we ýagdaýy” atly barlagyň geçirilmeginde BMG-niň Ilat gaznasynyň ýardamynyň ähmiýeti bellenildi.

Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça halkara konferensiýasynyň Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmakda öňe gidişlik barada pikir alyşmak boýunça maslahatyň işi aýratyn mowzuklaýyn bölümçelerde dowam etdirildi. Olar maşgalany meýilleşdirmek we reproduktiw saglyk, ilat durnuklylygy we gender deňligi, aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly meselelere bagyşlandy.