img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary doktor Saud bin Mohammed Al-Satiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini, şeýle-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirmek meselesine seredildi. Şonuň ýaly-da birek-birekde medeniýet günlerini geçirmek, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklary berkitmek boýunça degişli işleri geçirmeklik ylalaşyldy.

Duşuşyk iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň çäklerinde geçirildi.