Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 7-13-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda boldy.
Saparyň çäklerinde Medine şäherinde Pygamber Metjidiniň we bu mukaddes metjidiň tabynlygyndaky institutyň direktory; Pygamber Metjidiniň Baş ymamlary; Medine Yslam uniwersitetiniň prezidenti; Mekke şäherindäki Al Haram institutynyň Baş Direktory; Al Haram we Pygamber metjitleriniň işlerini dolandyrmak boýunça ýerine ýetiriji direktory; Yslam işleri, çagyryş we ugrukdyryş ministrliginiň Mekke welaýaty boýunça ýolbaşçysy; Umm Al-Kura uniwersitetiniň prezidenti; Bütindünýä Yslam Ligasynyň Baş Sekretary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de, birnäçe kitaphanalara, muzeýlere we metjitlere baryp görüldi.
Duşuşyklarda yslam okuw merkezleriň işini ýöretmekde Saud Arabystany Patyşalygynyň baý tejribeleri bilen tanyşyldy. Şeýle-de, ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan “Arkadagyň ruhy metjidiniň” ýanyndaky yslam dini boýunça ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamasy tanyşdyrylyp, olar barada pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da, yslam dini boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary barada maslahat edildi.