Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe we ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Jenap Erik Stýuart pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen esaslandyrylan hem-de 3-nji iýunda giňden bellenilen Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýan ýurdumyzyň ähli hyzmatdaşlar, şol sanda amerikan kompaniýalary bilen deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary artdyrmagy, halkara gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Türkmenistan parahatçylyga gönükdirilen ýörelgäni amala aşyrýar. Munuň özi ählumumy ölçeglerde hökmany zerurlykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Erik Stýuart milli Liderimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatyna ýokary baha berip, bu syýasatyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we beýleki gatnaşyklaryň giňeldilmegini şertlendirýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän ABŞ-nyň işewür düzümleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, bu babatda 2008-nji ýylda döredilen türkmen-amerikan işewür geňeşiniň möhüm goşandynyň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginiň çäklerinde onuň orny aýratyn bellenildi. Taraplaryň yzygiderli tagallasy netijesinde, soňky ýyllarda gatnaşyklara täze hil we ýokary itergi berildi.
Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň mümkinçilikleri, ozaly bilen hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köpugurlylygyny, ýokary tehnologiýaly önümçiligini we ulag düzümini nazara almak bilen, has netijeli peýdalanylyp bilner diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyz garaşsyz bilermenleriň pikirlerine görä, daşary ýurt maýa goýumlary üçin örän özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
Amala aşyrylýan oňyn özgertmeler Türkmenistanyň ykdysady taýdan okgunly we sazlaşykly ösüşi hem-de durmuş abadançylygy üçin pugta binýady döretdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde biz gerimi boýunça batyrgaý taslamalaryň zerur tapgyrynda durýarys. Olar ykdysady hyzmatdaşlygyň özenini düzýär diýip belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we işewür netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň dürli pudaklardaky bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn ýollarynyň döredilmegine ýardam berýän işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Nygtalyşy ýaly, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, sport, syýahatçylyk, oba hojalyk, gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda ägirt uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň pudaklaryna uzak möhletleýin esasda maýa goýumlaryny gönükdirmegiň üstünlikli ösüşiň möhüm şertidigini aýdyp, maýa goýum pudagyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.
Ulag-logistika ulgamy özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Işewür sebitde çäk taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyzy Ýewraziýa ugry boýunça döwrebap logistik merkez bolan Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Gürrüňdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we yklymyň ähli çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ulag-aragatnaşyk ýollarynyň gurluşygy boýunça amala aşyrylýan iri halkara taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň amala aşyrýan maýa goýum maksatnamalarynyň esasy aýratynlygy olaryň önümçilik pudaklaryny köpugurly esasda ösdürmäge, ykdysadyýetiň toplumlaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilenligidir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetinde ykdysady kuwwaty boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ABŞ-nyň tejribesi biz üçin peýdaly bolup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bellenilişi ýaly, täzeçil ösüşi esasy ugur edinýän Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň işi üçin amatly maýa goýum we oňyn şertleri döredýän häzirki zaman düzümleri daşary ýurtly işewürler üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Stýuart amerikan korporasiýalarynyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we türkmen tarapyna netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýardygyny nygtady.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga ABŞ-nyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Türkmen kompaniýalarynyň özara peýdaly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ABŞ-da işlemeginiň geljekki ugurlary duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir meseleleriň birine öwrüldi, biziň telekeçilerimiz netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýärler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.