img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Muhammetgeldi Aýazow Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi

photo

2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow şol bir wagtda Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Permana gol çekdi.

Muhammetgeldi Aýazow şol bir wagtda Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky ilçisi wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Aýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky Permany bilen Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçi wezipesine bellenilmezinden öň, Aýazow 2018-nji ýylyň dekabryndan bäri Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlap bolsa, şol bir wagtda Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky ilçisi wezipesini ýerine ýetiripdi.