Türkmenistanyň Ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar departamentiniň direktory, şol bir wagtda Türkmenistanyň sergä gatnaşmagy boýunça jogapkär wekili Mohammed bin Garad bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Mohammed bin Garad Türkmenistanyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek «EKSPO – 2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny ilkinjileriň hatarynda resmi taýdan tassyklan döwletleriň biri bolandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň öňde boljak halkara sergä gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem «EKSPO – 2030 Er-Riýad» sergisine resmi gatnaşyjy hökmünde gatnaşmak baradaky şertnama gol çekmek dabarasyny guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mohammed bin Garad Türkmenistanyň «EKSPO – 2030
Er-Riýad» Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ol bu halkara çäräniň dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemläp, ählumumy meseleleriň çözgütlerine gönükdirilen öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çemeleşmeleri görkezmek, şeýle hem köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigini belledi.
«Özgerişler eýýamy: geljegi bilelikde öňünden görýäris» diýen şygar astynda geçiriljek sergide halklaryň köpasyrlyk medeni däpleri bilen geljegiň tehnologiýalary sazlaşykly utgaşdyrylar. Bu bolsa taryhy-medeni miras bilen innowasion ösüşleriň arasynda özboluşly köpriniň döredilmegine ýardam berer.
Şeýle hem serginiň dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça syýahatçyny özüne çekmegine, Er-Riýad şäheriniň bolsa ykdysady, tehnologik we ekologik gazanylan üstünlikleri görkezýän iri halkara merkeze öwrülmegine garaşylýandygy bellenildi.
«EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisi ählumumy kynçylyklara bilelikde çözgüt gözlemek, durnukly, sazlaşykly we gülläp ösýän dünýäni gurmak ugrunda täze başlangyçlary öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri döreder. Umumy meýdany 6 million inedördül metrden gowrak bolan sergi toplumynda 250 gatnaşyjynyň pawilýonlarynyň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. Bu iri halkara çäräniň geçirilmegi Er-Riýad şäheriniň sebitde we dünýäde depginli ösýän, ýokary tehnologiýaly megapolis hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrar.
Öz gezeginde Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýurdumyzyň milli gazananlaryny dünýä derejesinde tanyşdyrmak boýunça köpýyllyk üstünlikli tejribesiniň mynasyp dowamy boljakdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Türkmenistanyň Milan, Astana, Dubaý we Osaka şäherlerinde geçirilen iri halkara sergilerine üstünlikli gatnaşandygyny nygtap, bu ugurda gazanylan netijeleriň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli üns-aladasy we hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde mümkin bolandygyny aýratyn belledi.