Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türkmenistanlylar özüniň esasy milli baýramy bolan Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi belleýär. Säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ýadygärlik toplumynyň çäginde bina edilen, häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda hemişelik orun alan, ýurdumyzyň özygtyýarlylygyna eýe bolan senesini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Döwür ýurdumyzyň täze durmuşynyň başyny başlan bu taryhy senäniň ähmiýetini has äşgär açyp görkezýär. “Şu gün biz üstünden gadymy kerwen ýollary geçen berkarar Watanymyzda täze taryhymyzyň ýeňişli sahypalaryny ýazýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz baýramçylygyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda belledi. Hut Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ykdysadyýetde, syýasatda, jemgyýetçilik ösüşinde, ylym we medeniýetde ýokary üstünliklere eýe bolan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan hem-de ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlarynda parahatçylygy we ylalaşygy goldamak boýunça dünýä bileleşiginiň jebisleşdiriji tagallalaryny birleşdirýän özygtyýarly döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýy günsaýyn belende galýar.
“Watanyňy söýmekden, oňa guwanyp, mertebesini has-da beýgeltmekden, barha gülläp ösmegine goşant goşmakdan uly bagt ýokdur. Watan söýgüsine püre-pür ýüregiň şatlygynyň lezzetinden ganmakdan mähirli duýgy ýokdur” diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda watandaşlarymyza peşgeş eden “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabynda belleýär.
Bu belent watançylyk duýgulary baýramçylyk güni Milli Garaşsyzlyk seýilgähine ýygnanan adamlaryň müňlerçesini birleşdirýär.
Dabara gatnaşyjylar gadymy we baky juwan türkmen topragynda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ýöredýän durmuş ugurly ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan tutuş dünýäde abadançylygyň mekany we ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar.
Baýramçylyk lybasyna beslenen gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki gyrasyna pederlerimiziň şöhratly ýoluny dowam edýän Milli goşunymyzyň edermen esgerleri düzülen ýoda bilen beýik ýadygärlige tarap ugrady. Bu ýerde oturdylan bürünç heýkeller kaşaň ýadygärligiň asudalygynyň goragynda durýan mysaly, Garaşsyzlyk binasynyň altynsow başyna säheriň Gün şöhleleri düşüp, ol owadan öwüşginleri çar ýana eçilýär. Taryhy ýadygärlik — döwletliligimiziň esaslanan binýady. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny, gahrymançylykly geçmişini hormatlamak ruhunda terbiýelenýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň girelgesiniň öňünde oturdylan ýadygärligiň etegine gül dessesini goýdy. Bu ýerde türkmenleriň erkinlik we garaşsyzlyk ugrunda köp asyrlaryň dowamynda alyp baran gahrymançylygy, edermenligi barada gürrüň berýän gymmatlyklar ýygnanypdyr.
Ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ýörelgesine eýerip, ýadygärlige gül desselerini goýdular. Türkmen ilçileri we daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ilaty we myhmanlar baýramçylyk çäresine goşuldylar.
Şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň milli mukaddesliklerine çuňňur hormatyny mälim etdiler.
Köp sanly adamlar yzy üzülmeýän akym bilen ýadygärligiň etegine yzly-yzyna gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança halkymyzyň watansöýüjilik duýgularynyň örän çuňňurdygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýän ýakymly güýz güllerine beslendi.