Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.
Bu baýram özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň edermen halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli taryhy waka bolup durýar. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklaryň, şeýle hem asylly ynsanperwerlik dessurlarynyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi.
Mejlisler merkezinde ýaýbaňlandyrylan we ýokary ruhubelentlige beslenen dabaralar türkmenistanlylaryň özygtyýarly Watanyna bolan buýsanç duýgularyny we halkymyzyň bagtyýarlygyny belende göterdi. Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Ol ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketi üçin täze mümkinçilikleri açýan ähmiýetli çözgütlere beslendi.
Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň belent maksatlarynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyny alamatlandyran, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi jemlendi. Döwletimiziň sport diplomatiýasy halklaryň ýakynlaşmagyna gönükdirilip, belent ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny äşgär etdi. Şeýle hem ol gün Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak we has tapawutlanan işgärlere hormatly atlary dakmak çäresi boldy.
Olaryň köpüsi mukaddes Garaşsyzlygymyz mynasybetli geçirilen şu günki konserte gatnaşýarlar. Bu ýerde ýurdumyzyň belli tans, aýdym-saz we folklor toparlary, meşhur halk we estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Şeýle hem teatr artistleriniň sahna eserlerinden parçalar görkezildi.
Baýramçylyk mynasybetli Mejlisler merkezinde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň baştutanlary ýygnandylar. Konserte gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen Halk Maslahatynyň agzalary bar. Şeýle hem konserte Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХI maslahatyna gatnaşyjylar, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar hem bar.
“Garaşsyzlyk baş baýramy Arkadagly Watanyň!” atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň başyny başlady. Onda özleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bilen häzirki zamany wasp edýän sungat ussatlarynyň toparlary çykyş etdiler. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten derejesini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsert maksatnamasy milli sungatyň baý mümkinçiliklerini we ýagşy dessurlaryň nesilden-nesle geçýändigini beýan edýän çykyşlar özboluşlylygy taýdan biri-birinden tapawutlandy. Çykyşlaryň mazmuny we olaryň esasy ýörelgesi şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly şygary bilen berk baglanyşykly boldy. Gadymy kerwen ýollaryny döwrebap görnüşde täzeden dikeldip, Türkmenistan medeni ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeniýet biziň taryhymyz bilen berk baglanyşykly bolup, ol gadymy döwürlerden bäri adamlary birek-birege ýakynlaşdyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanan eseri — “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň çapdan çykmagy türkmenistanlylar üçin Garaşsyzlyk güni mynasybetli ajaýyp sowgada öwrüldi. Täze eserde türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşinde goşan ägirt uly goşandy hakynda maglumatlara aýratyn orun berilýär.
Mejlisler merkeziniň sahnasynda “Dokmaçylar” folklor toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, ol ýurdumyzyň myhmanlaryny ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny paýlaşmaga gönükdirilen çagyryş bolup ýaňlandy.
“Zehin owazynda ýaňlan, Diýarym!” atly çykyş milli öwüşginlere beslenip, çagalaryň döredijilik zehininiň özboluşly dabarasyna öwrüldi. Onda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” we “Ýaňlan, Diýarym!» ýaly ýurdumyzda uly üstünlik bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu çykyşlara “Ruhubelent çagalar” we “Joşgun” çagalar tans toparlary goşuldylar. Onuň dowamynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi äşgär duýulýar.
Soňra sahnada nusgawy saz eserleri, halk dessanlary bilen häzirki zamanyň özboluşly çykyşlary utgaşýar. Ol häzirki eýýamyň sport ruhuny özünde jemleýär. Konserte tomaşa edýänler deprekçileriň ussatlyklaryna, joşgunly estrada aýdymlaryna uzak wagtlap el çarpdylar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlarynyň “Bäş welaýat — bäş dogan bir supranyň başynda” atly çykyşlary türkmen halkynyň döredijilik däpleriniň köpöwüşginliligini we milletiň zehininiň çuňňurlygyny beýan etdi.
Ýurdumyzyň esasy sahnalarynyň birinde geçirilen döwlet konsertinde çykyş edenler ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, öz ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. Olar özleriniň zehini, başarnygy bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdylar. Sahnada häzirki zaman tehnologik serişdeleriniň ulanylmagy arkaly ýaýbaňlandyrylan çykyşlar bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Mähriban Watanymyza we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent işleriniň başlangyjyny öňe süren milli Liderimize bagyşlanan “Arkadaga şöhrat bolsun, şan bolsun!” atly baýramçylyk çykyşlary konserte tomaşa edýänleriň ruhuny has-da belende göterdi.
Bu watansöýüjilik aýdymyny tomaşaçylar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanç duýgulary bilen “Arkadaga şöhrat!” diýip, joşgunly aýdymyň ähmiýetini belende göterdiler.