Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna

Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda bu halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky beýik işlerimizde egsilmez ruhy güýç berip, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, agzybirligi we jebisligi pugtalandyrýan baýram hökmünde mynasyp orny eýeleýär. Garaşsyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan döwründe — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem bu baýram aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýaşulularyň halkara gününiň şanyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we bütin ýurt möçberinde Watanymyzyň abraýyny beýgeldýän ajaýyp wakalaryň ähmiýetini artdyrmak, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşulularymyzyň jemgyýetimizdäki ornuny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ýakymly duýgulara baý aýdym-sazly medeni-jemgyýetçilik çäreleridir täsirli duşuşyklar geçirilip, ömri görelde mekdebine, pendi edebe öwrülen, dilleri senaly il sylagly ýaşulularymyzyň, mähriban enelerimiziň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdylýar.
Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyz esasynda adam hakyndaky alada baş gymmatlyk hökmünde yglan edilen, bu ýörelgäni durmuşa geçirmek babatda oňyn netijeleri gazanýan ýurdumyzda ýaşlarymyzy Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, bilimli, päk ahlakly, il-ýurduň ykbaly, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin jogapkärçilik duýgusy ýokary bolan hakyky watançy nesilleri terbiýelemekde ajaýyp mekdep bolup durýan, parahat, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyza guwanýan, buýsanýan ýaşuly nesillerimize goýulýan sarpanyň örän belentdigini has-da äşgär görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda mähriban halkymyzyň, her bir raýatymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipeleri, milli bähbitlerimiz durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda zähmetsöýer we merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Örän möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Şu belent wezipelerden ugur alnyp, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri ýokary ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan parasatly ýaşulularymyz hakynda uly alada edilýär. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde üns berilýär. Eziz Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda, ilkinji nobatda, ýaşuly nesillerimize ýokary derejede hyzmat edilýär. Sebäbi, Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.
Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!
Ýaşululara hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däbimizdir. Biz Garaşsyz Watanymyzyň çalt depginler bilen ösmegine we beýik geljegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyza badalga berenimizde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgelerimize eýerip, dili senaly ýaşulularymyza maslahat salýarys. Bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi bolan ak bugdaýyň, ak pagtanyň ekişine hem-de bol hasylynyň ýygnalmagyna hem badalga bermegi ýaşuly nesillerimize ynanýarys. Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyzyň, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik, ynsaplylyk hakyndaky nesihatlary agzybirligimiziň we jebisligimiziň gözbaşydyr. Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň beýik mekdebidir.
Hormatly ýaşulular!
Eziz watandaşlar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşuly nesliň mertebesiniň, hormat-sarpasynyň belentdigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ata Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.