Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Oxbow» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň işine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün öz kabulhanasynda “Oxbow” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Uilýam Koh bilen duşuşdy.
Amerikan işewüri duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda eden üstünlikli çykyşy bilen hem-de Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramy bilen gutlady we milli Liderimiziň öňe süren täze netijeli başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Şol başlangyçlar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmäge, şu maksatlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.
“Oxbow” kompaniýasynyň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ABŞ-nyň işewür toparlary ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini görkezýän ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetini düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alyp, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeldýändigini we şunda innowasion tehnologiýalaryň hem-de inženerçilik-tehniki pikirleriň dünýädäki soňky gazananlarynyň iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwatyna eýe bolan birnäçe iri kompaniýalarynyň ençeme ýyllaryň dowamynda möhüm milli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşine ähmiýetli orun berilýär.
Duşuşygyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda Türkmenistan bilen “Oxbow” kompaniýasynyň arasynda gatnaşyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy, hususan-da, ýangyç-energetika pudagynda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda, şeýle hem döwlet ösüşiniň birnäçe beýleki ileri tutulýan ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Uilýam Koh öz ägirt uly energetiki kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin netijeli amala aşyrmak boýunça birnäçe iri möçberli başlangyçlary öňe süren Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlyga kompaniýanyň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ulgamynda öňdebaryjylaryň biri bolup durýan “Oxbow” Türkmenistana öz ägirt uly tejribesini hem-de hyzmatlarynyň giň gerimini hödürlemäge taýýardyr diýip, amerikan işewüri aýtdy.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini tassyklap, dünýä bazarynyň we onuň kompaniýasynyň nebit koksuna we karbamid önümlerine örän uly isleginiň bardygyny belledi hem-de Türkmenistandan degişli satyn almalary, şol sanda kükürdi satyn almagy ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.
Pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Uilýam Koh geljegi uly teklipleriň birnäçesini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda “Oxbow” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geçirilen giň gerimli we many-mazmunly gepleşikler üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi hem-de şu maksatlar bilen kompaniýanyň bar bolan mümkinçilikleriniň ulanyljakdygyna ynandyrdy.