img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Birža täzelikleri

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamide isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Türkiýeden, BAE-den, Ermenistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 299 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 8 million 11 müň manatdan gowrak taýajyk görnüşli polipropilen owuntygyny, garyşyk we nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 683 müň manatlykdan gowrak nebit ýol bitumyny, polipropileni we pagta süýümini satyn aldylar.