Türkmenistanyň Prezidenti “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kallosy kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi we ýüzbe-ýüz duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Myhman bu ajaýyp ýurda hemişe uly şatlyk bilen gelýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugry bolan nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýändigini nygtap, bu strategik ulgamda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalaryna uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny belledi.
Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman özara gatnaşyklaryň bilelikdäki işiniň netijelerini hem-de geljegini, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, deňizýaka döwletleriniň dünýäniň işewür bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçiligi açan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ähmiýeti bellenildi.
Nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan hem-de dünýäniň birnäçe energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň sazlaşykly ykdysady ösüşi, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisi daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, dürli ulgamlarda iki ýurduň iri, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üçin şertleri döredýär diýip, Piter Kallos aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa işewür gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň dünýäniň işewürler toparlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan hem-de geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.