Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa türkmen dilinde neşir edildi

photo

Adalat ministrliginde türkmen dilinde neşir edilen ýygyndy bilen tanyşdyrylyş boldy, oňa ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa we oňa 1954-njy we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalarynyň ikisi girizildi. 

Türkmenistanyň DIM-niň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň guran çäresine Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, Gyzyl haç Halkara komitetiniň bilermenleri, Gyzyl ýarymaý Milli jemgyýetiniň hünärmenleri, halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça işçi toparlary, mugallymlar we talyp ýaşlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa ÝuNESKO-nyň başlangyjy bilen 1954-nji ýylyň 14-nji maýynda Gaagada (Niderlandlar) Ikinji jahan urşunda medeni miras ýadygärlikleri köpçülikleýin weýran edilendigi sebäpli kabul edildi we ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramaklyga bagyşlanan ilkinji halkara şertnamasydyr. 

Duşuşykda Gyzyl haç Halkara komitetiniň wekilleri çykyş edip, halkara ynsanperwer hukugyny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işjeň işini bellediler. 

Tanyşdyrylyşa gatnaşanlar ýurtda ynsanperwer hukugy ulgamynda ulgamlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Bu çäre bu işiň bir bölegidir. Mälim bolşy ýaly, öz halkara borçlaryna ygrarly Türkmenistan taryhy-medeni mirasy goramaklyga gönükdirilen ýörüte kanunlaryň birnäçesini kabul etdi. 

Garaşsyzlyk ýyllary medeni gymmatlyklary goramaga gönükdirilen “Medeniýet hakynda” (2010 ý), “Milli taryhy-medeni mirasy goramak hakynda” (2012 ý), “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” (2016 ý), “Halk çeper döredijiliji hakynda” (2016 ý), “Kitaphana we kitaphana işi hakynda” (2017 ý), “Muzeýler we muzeý işi hakynda” (2017 ý) kanunlary kabul edildi. 

2017-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi “Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa we oňa 1954-njy we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda” Karar kabul etdi. 

Konwensiýada gozgalýan we gozgalmaýan medeni obýektleri goramak boýunça çäreler toplumy bar. Konwensiýanyň 4-nji maddasyna we 1999-njy ýyldaky oňa ikinji teswirnamanyň 6-njy maddasyna oňa gatnaşyjy döwletleriň medeni mirasa sarpa goýmaga we şol gymmatlyklara garşy duşmançylykly hereketlerden saklanmaga borçlanýandyklary barada düzgün goşuldy. 

Halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Şertnamalaryň düzgünine görä, döwlet olary durmuşa geçirmek, şol sanda medeni gymmatlyklary goramak babatda jogapkärçilik çekýär. 

Türkmenistan bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýa we ÝuNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda” Konwensiýasyna, “Edebi we çeper eserleri goramak hakynda Bern konwensiýasyna”, Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykanda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa, şeýle hem oňa 1954-njy we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna gatnaşyjydyr. Olaryň düzügünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça iş dowam etdirilýär.