«Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!
 

Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir. Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde wajyp ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar. Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar. 

Bitaraplyk syýasatynyň özeni bolup durýan parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent nusgalaryny özünde jemleýän diplomatik usullar we çemeleşmeler, döwrüň synagyndan üstünlikli geçmek bilen, halkara gatnaşyklaryň barha kämilleşýän gurallarynyň toplumyny emele getirýärler. 

Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda toplan tejribesi we iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi hem halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Umumadamzat tejribesiniň altyn hazynasynda mynasyp orun alan we dünýä döwletlerini syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna biz şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň hem taryhy mirasy hökmünde garaýarys. Gadymy türkmen topragy, hakykatda, Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny birleşdiriji köpri bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen bu gadymy ýol täze görnüşde dikeldilýär, döwletleriň we halklaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek ýörelgelerini özünde jemleýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pajarlap ösüşiň nyşany bolan milli we giň halkara ähmiýetli ulag-aragatnaşyk, energetika, suw üpjünçiligi, senagat desgalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny aňlatmak bilen birlikde, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň täze belent sepgitlerini görkezýär. 

Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň çäklerinde awtomobil we demir, howa hem-de deňiz ýollarynyň ulgamlaýyn toplumyny döredýär. Munuň özi Ýewropa we Aziýa, Günorta Aziýa we Pars aýlagy ýurtlaryna amatly hem-de gysga geçelgäni üpjün edýär we sebitiň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwürde ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan ägirt uly işleriň aýdyň nyşany bolup durýar. 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!
 

Türkmenistan häzirki zamanyň döwrebap iri logistik we üstaşyr merkezi bolmak bilen, serhetüsti söwda ýollarynyň möhüm çatrygy hökmünde daşary ýurtly maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde Türkmenistanyň başlangyçlary we tutanýerli işleri esasynda kemala gelýän energiýa geçirijileri hem mynasyp orny eýeleýär. Olary ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmek boýunça tagallalara Türkmenistanyň uly goşandy hökmünde görkezip bolar. 

Adamzat jemgyýetiniň söwda-ykdysady taýdan ösüş basgançagynyň nyşany bolan Beýik Ýüpek ýoly şol bir wagtda medeni ösüşi hem üpjün etmek bilen, onuň ugrunda ýerleşen halklaryň we ýurtlaryň dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryna giň ýol açypdyr. Netijede, halkara gatnaşyklaryň ösmegine, aýratyn hem, Gündogaryň we Günbataryň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga şert döredipdir. Bu ugurda Türkmenistan özüniň baý taryhy mirasyna we milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar. Biziň döwletimiziň parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi hökmünde ykrar edilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy türkmen topragynyň üstünden geçen ugurlaryndaky taryhy ýadygärlikleri dikeltmek boýunça giň gerimli işler bilen has-da berkidilýär. 

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!
 

Şu günki maslahatyň gün tertibiniň çäklerinde özara pikir alyşmalaryň we tejribeleri paýlaşmagyň işjeň häsiýetli boljakdygyna, şunuň bilen birlikde, medeni we taryhy mirasy hemmetaraplaýyn öwrenmegiň ylmy-usuly esaslarynyň has-da baýlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn. 

Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW