«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ekipažlary heläkçiliklerde halas ediş taýýarlygyny kämilleşdirýärler

«Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Uçarmanlary taýýarlaýan mekdebinde howa gämileriniň ekipažlaryny heläkçilikli ýagdaýlarda halas ediş maksatnamasy boýunça taýýarlamak boýunça türgenleşige girişildi. Uçarmanlaryň we bortprowodnikleriň heläkçilikli ýagdaýlarda sazlaşykly hereketlerini özleşdirmek üçin bu ýerde uçarda bolup biljek adatdan daşary dürli ýagdaýlary modelleşdirýän ýörüte trenažýorlar goýlupdyr. Hereket edýän platforma, şeýle hem şekiller we ses uçaryň uçuşdaky hem-de gyssagly ýagdaýda gonuşyny emeli usulda döredýär.
Heläkçilik trenažýorlaryndaky türgenleşikler - ekipažlary taýýarlamagyň maksatnamasynda iň çylşyrymlylarynyň bir bolup, ol her ýyl geçirilýär. Instruktorlaryň ýolbaşçylygynda uçarmanlar düzümi taglymat taýýarlygyny, lukman gelmezden öňki we dermanlary, şeýle hem ýangyn söndüriji enjamlary, heläkçilik radiomaýaklaryny ulanmak endiklerini kämilleşdirýärler. Sapaklaryň çäklerinde diňleýjiler adatdan daşary ýagdaýlarda aman galmak boýunça maglumat bilen tanyşýarlar.
Sapaklaryň indiki tapgyry – trenažýorlarda heläkçilikli ýagdaýlarda uçary terk etmek boýunça sapaklardyr, onda gapylary we lýuklary açmak endiklerini özleşdirmekdir, soňra howa gämisi gury ýere ýada suwa gyssagly gonanda ýolagçylary alyp çykmaklyk imitirlenýär.
Uçarmanlar we bortprowodnikler halas ediş gurşakçalaryny we sallary ulanmak endiklerini bilelikde özleşdirýärler. Türgenleşilkleriň maksatnamasy tamamlanandan soň ekipaža bellenilen nusgadaky ygtyýarnama berilýär.
Ýurduň raýat awiasiýasynyň uçarmanlaryny taýýarlamagyň ähli tapgyryny, şol sanda trenažýorlarda taýýarlamagy guramak paýtagtymyzyň Halkara aeroporty işe girizilenden soň mümkin boldy. Häzirki wagtda toplumyň düzüminde döwrebap öwrediji tehnologiýalar bilen üpjün edilen köpugurly okuw merkezi – Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep hereket edýär. Bu ýerde uçar dwigatellerine we uçara hyzmat etmek boýunça tehnik-mehanikler, şeýle hem radioelektronika enjamlary we nawigasiýa toplumlary, ýerüsti radiolokasiýa, radionawigasiýa serişdeleri boýunça we beýleki gulluklaryň hünärmenleri taýýarlanylýar.
Ýörüteleşdirilen okuw mekdebinde «Türkmenhowaýollary» Agentliginiň döwrebap trenažýor merkezi döredildi. Bu ýerde awiasiýa tehnikasynyň ýokary tehnologiýaly imitatorlary oturdyldy, uçuş türgenleşiklerini ýerine ýetirmek üçin bolsa okuw serişdelriniň-- uçarlaryň dördüsi we iki dikuçar satyn alyndy.
Her ýyl awiatorlaryň ýüzden gowragy bilimini ýokarlandyrýarlar. Bu bolsa döwrebap awiasiýa tehnikasyny ýalňyşsyz hem-de heläkçiliksiz ulanmaga we ýolagçylara hyzmat etmegi kämilleşdirmäge ýardam edýär.